RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Mar

Sukuba uniwersiteti bilen ylmy gözleglerde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Baýramow Sukuba uniwersitetiniň wise-prezidenti we Bilelikdäki gözlegler boýunçaça ýerine ýetiriji direktory jenap Kanaho Ýsunoriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Sukuba uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki zamanyň wajyp temalarynda bilelikdäki gözleg işlerini geçirmek meselelerine aýratyn...

DOWAMY
24 Mar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasyndaky telefon söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.M.Berdimuhammedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri düýn Moskwa oblastynda bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly ýagdaý bilen baglanyşykly öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan tüýs ýürekden gynanç...

DOWAMY
23 Mar

Türkmenistanyň DIM-niň beýanaty

Türkmenistan 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Moskwa oblastynyň Krasnogorsk şäheriniň “Crocus City Hall” konsertler merkezinde bolup geçen terrorçylyk hereketlerini berk ýazgarma bilen çykyş edýär. Merhum bolan adamlaryň ýakynlaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanjymyzy hem-de goldawymyzy bildirýäris. Ejir çekenleriň ählisine tiz sagalmaklaryny arzuw edýäris. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

DOWAMY
22 Mar

Rimde halkara guramalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.   Şol gün türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen duşuşygy geçirild...

DOWAMY
22 Mar

Ulag hyzmatdaşlygy türkmen-italýan gepleşikleriniň üns merkezinde

2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýetiniň Rime amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M. Çakyýew bilen Wise-premýer, Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwininiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Italiýanyň ulag pudagynyň esasy bölümleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar demir ýol we deňiz ulaglary pudagynda hyzmatda...

DOWAMY
22 Mar

Aşgabat we Rim medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen wekiliýeti Rim şäher meriýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda dürli ulgamlarda, ilkinjileriň hatarynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.  Şol bir wagtyň özünde, arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak babatynda ýurtlaryň arasynda uzak möhletli özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylda Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistany...

DOWAMY
22 Mar

Türkmenistan we Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasynda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Rimde  türkmen wekiliýeti bilen Wise-premýer we Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Taýaniniň arasynda gepleşikler geçirildi. Daşary işler ministrleri syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanpewer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ar...

DOWAMY