Ýaponiýada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýapon diline terjime edilen "Çaý – melhem hem ylham" atly taze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2016-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Ýaponiýanyň Şiga prefekturasynyň iň gözel ýerinde ýerleşýän ady belli “MIHO” muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Çaý – melhem hem ylham” atly ýapon diline terjime edilen täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu tanyşdyrylyş dabarasy, şu ýylyň 20-27-nji iýun aralygynda MIHO muzeýinde Türkmenistanyň etnografiýa muzeýiniň eksponatlaryndan gurnalan serginiň çäklerinde geçirildi. Şu günleriň dowamynda, muzeýe gelýän myhmanlara ýörite biziň ýurdumyzdan getirilen eksponatlardan gurnalan bu sergide Türkmtnistanyň özboluşly çaý medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmana mümkinçilik boldy.

Tanyşdyryş dabara, Ýaponiýanyň medeniýet, ylym we sungat, bilim ulgamynyň işgärleri we habar beriş serişdeleriniň hem-de adaty muzeýe gelýänler we kitapşynaslar gatnaşdylar. Gatnaşyjylar üçin Türkmenistan bilen tanyşdyrýan wideofilm hem görkezildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasow, MIHO muzeýiniň dolandyryjysy jenap Hajime Inagaki we Türkmenistanyň Medeniýet Ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy M.Mamedow dagylar iki ýurduň medeni-gumanitar gatnaşyklarynyň üstünlikli ösýändigi hem-de Türkmenistanyň gadymy medeniýeti bilen ýapon jemgyýetçiligini tanyşdyrmagyň uly ähmiýetiniň bardygy barada öz çykyşlarynda beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň “Çaý – ylham we melhem” atly kitabynyň ýapon diline terjime edilip, onuň ýokary hilli jiltlemede çapdan çykarylmagy, gelejekde biziň halklarymyzyň medeniýet ulgamynda has-da ýakynlaşmakda uly goşant bolar.

Şeýle hem, jenap H.Inagaki çykyşynyň dowamynda, 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi bilen Ýaponiýanyň MIHO muzeýiniň arasyndaky, Türkmenistanyň käbir medeni-taryhy ýadygärlikleriniň rejelemek işleriniň edilmegi boýunça gol çekilen hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň esasynda, özara gatnaşyklaryň ýakyn wagtda ýola goýulmagynyň meýilleşdirilýändigi barada aýratyn belläp geçdi. 

Tanyşdyrylyş Dabarasynyň soňunda, ýapon diline terjime edilen bu täze kitabynyň nusgalary, dabara gatnaşan myhmanlaryň gyzyklanma bildirenlerine sowgat berildi.