PRESS–RELIZ

 

2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylyň 17-27 sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan açyk metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan gurnaldy.

Metbugat maslahatynyň işine Türkmenistanyň DIM-niň we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatlar we daşary ýurtly žurnalistler, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň käbir ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdylar.

Metbugat maslahatynyň açylyşynda «Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda Olimpiýa hereketiniň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi» atly salamlaşyk we görkezme çykyşy bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň hünärmeni S.Durdyýew çykyş etdi. Soňra V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň wekili halkara tejribesini ulanmak arkaly V Aziýa oýunlaryny gurnamak boýunça geçirilýän çäreleri bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň hünärmeni 2017-nji ýylda geçiriljek halkara synag ýaryşlaryna türkmen türkmen türgenleriniň taýýarlygy barada aýdyp berdi.

«Polimeks» kompaniýasynyň wekili V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň desgalar toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada maglumat berdi. «Trivandi Chanzo limited» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory «Iri halkara sport çäreleriniň operasion meýilnamalaşdyrmak işleri» temasy boýunça çykyş etdi.

Sorag-jogap alyşmalarynyň dowamynda iri halkara ýaryşlaryny gurnamak ugrunda wajyp meseleleriniň giň çygry boýunça pikirleri alyşdylar. Metbugat maslahatynda žurnalistler olary gyzyklandyran ähli soraglaryna jogaplary aldylar.