BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BOÝUNÇA REZOLÝUSIÝANY KABUL ETDI, ŞEÝLE-DE ÝURDUMYZ BMG-NIŇ HALKARA SÖWDA HUKUGY BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY

2022-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen ýurdumyzyň Hökümetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa döwletimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, agzalan mejlisiň barşynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Bu rezolýusiýa 62 döwletiň awtordaşlyk etmeginde biragyzdan kabul edildi. DIM-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentini daşary syýasy ýeňşi bilen gutlady we BMG-niň BA tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren bu rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek meselesine döwletimiziň aýawly çemeleşmesiniň nobatdaky tassyknamasy bolandygyny nygtady. 

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýa kabul edildi. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada Türkmenistanyň öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. 

Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy bilen bagly meselä geçip, munuň hem möhüm ähmiýetli waka bolup durýandyr. Bu möhüm wakanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasynyň Geňeşe agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanyp, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilen günlerine gabat gelmegi bolsa aýratyn buýsandyryjydyr.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen nobatdaky rezolýusiýanyň kabul edilmegi hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ulgamynyň derwaýys düzümine saýlanmagy ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygynyň, häzirki zaman dünýäniň möhüm meseleleriniň çözgüdinde biziň ýurdumyz tarapyndan saýlanylyp alnan halkara hyzmatdaşlyk ugrunyň dogrulygynyň, biziň syýasatymyzyň howpsuzlyk, öňe gidiş we durnukly ösüş maksatlaryna laýyklygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.