Türkmenistanda ýaşan döwri üçin maşgala ýagdaýy barada kepilnama almagyň
TERTIBI
Nika ýagdaýy barada kepilnama almak üçin aşakdaky resminamalary Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň konsullyk bölümine tabşyrmaly:
- Konsullyk bölümine ýüz tutma - arza (Konsullyk bölüminde doldurylýar);
- Soragnama (Konsullyk bölüminde doldurylýar);
- Resminamalary talap etmek boýunça soragnama (Konsullyk bölüminde doldurylýar);
- 1 reňkli surat 3x4 sm;
- Pasportlar (içerki we daşary ýurt): asyl nusgalary we bellikleri bolan ähli sahypalarynyň iki taraplaýyn fotokopiýasy;
- Dogluş şahadatnamasy (asyl we nusga);
- Nikalaşmak ýa-da aýrylyşmak barada şahadatnama (eger bar bolsa), asyl we nusga;
- Familiýanyň üýtgedilendigi barada şahadatnama (eger bar bolsa).
Resminamalaryň nusgalary A4 formatda bolmaly.
Toplanan resminalaryň dogrulygyny deslapdan tassyklama üçin, olary okalýan (dury) PDF görnüşinde, e-poçta iberilýär: embassy1@turkmenistan.or.jp
Türkmenistanyň raýatlaryna resminamany talap etmek we resmileşdirmek üçin konsullyk tölegi 25 ABŞ dollary, daşary ýurt raýatlaryna 30 ABŞ dollary.
Şahadatnamany almana geleniňizde ýanyňyzda daşary ýurt we içerki pasportyňyz asyl nusgasy bolmaly.
Resminamalar tabşyrylan gününden başlap, şahadatnama alynýança şahadatnamany talap edýän adam Türkmenistana gitmeli däldir.
Resminamalar taýýar bolanynda arza berijä ýa-da onyň ygtyýarly eden wekiline berilýär.