Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmeklik döwletiň ilaty durmuş taýdan goramak syýasatynyň çäginde amala aşyrylýar. Ýurtda düýpleýin durmuş özgertmeler syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir. “Döwlet – adam üçindir!” şygary Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy şygarydyr. Durmuş meselelerini çözmek maksady bilen häzirki wagtda ýüzlerçe hassahanalaryň, ýokary okuw jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport bilen meşgullanmaga niýetlenen döwrebap binalary gurulýar. Türkmenistanyň raýatynyň döwrebap mugt lukmançylyk hyzmatyna we bilime hukugy bardyr.
Türkmenistanyň mynasyp geljegi bardyr. Türkmenistanyň halky mugt esasynda elektroenergiýa, tebigy gaz, suw we nahar duzy bilen üpjün edilýär. Ilat üçin çörek, jemgyýetçilik ulagyndan, demir ýol we howa ulaglaryndan peýdalanmaga elýeterli bahadandyr.
Türkmenistanyň býujetiniň 70% gowuragy her ýyl durmuş zerurlyklaryna gönükdirilýändir. Türkmenistanda her ýyl aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary 10% ýokarlandyrylýar. Ýurduň ähli ilaty mugt görnüşde gaz, suw, duz, elektroenergiýadan peýdalanmaga hukugy bardyr. Bu ýeňillik 2030-njy ýyla çenli hereket eder. Türkmenistanyň ilaty üçin dünýä ölçeglerine laýyklykda ýaşaýyş-hyzmat we ulag hyzmatlaryna iň pes bahalary kesgitlenendir.
Türkmenistanyň 2007-nji ýylyň 1-nji iýulynda güýje giren “Durmuş üpjünçiligi hakyndaky” kodekse laýyklykda döwlet kömek pullarynyň we maýyplara durmuş kömekleriniň görnüşleri artdyryldy. Maýyplaryň kömek pullarynyň möçberi hem köpeldildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyp we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi. Maýyp we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlary mugt paýlanylar. Çaga dogulanda, 3 ýaşa ýaşaýança oňa ideg etmek üçin berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi köpeldildi. Ekleýjiniň bolmadyk halatynda hem kömek pullaryny bermek göz öňünde tutuldy. Şeýle-de durmuşy kömek pullarynyň berilmegine bolan hukugy göz öňüne tutuldy.