SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň täze salga göçýändigi barada
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň 2026-njy ýylyň 01-nji sentýabryndan başlap täze salga göçýändigi barada habar berýäris: 2-8-4 Motoazabu, Minato-ku, 106-0046 Tokio, Ýaponiýa Telefon: +81-3-5766-1150 Elektron poçta: consulate_jp@mfa.gov.tm (konsullyk meseleleri boýunça) Ilçihana gelýän ähli raýatlaryň geljekki hat alyşmalar we saparlar üçin ýokarda görkezilen täze salgyny we aragatnaşyk maglumatlaryny ulanmaklaryny haýyş edýäris.
Aşgabatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Moteginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletar...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Motegini kabul etdi. Toşimitsu Motegi döwlet Baştutanyna duşuşyk üçin wagt tapandygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny bildirip, Ýaponiýanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belledi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Hormatly Prezidentimiz Serdar Be...
Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana, Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa sapary
2026-njy ýylyň 29-njy awgusty – 4-nji sentýabr aralygynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministri jenap MOTEGI Toşimitsu Türkmenistana, Slowakiýa, Awstriýa we Mongoliýa sapar bilen barar. Bu saparyň dowamynda ministr MOTEGI her ýurduň daşary işler ministrleri we beýleki möhüm hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirer, şeýle hem Slowakiýada Ýaponiýa bilen bilelikde Wizigrad toparynyň (V4) Daşary işler ministrleriniň 8-nji duşuşygyna gatnaşar. Halkara ýagdaýynyň barha çylşyrymlaşýan şertler...
DIM-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ilçini ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistanda diplomatik işini ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady...
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň işjeň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz...
Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasyny...