SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär
Bitarap Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasaty, ilkinji nobatda, dünýä döwletleri, hususan hem goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly mümkinçiliklere eýedir we bu mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ulgamlaýyn, deňagramly we toplumlaýyn çemeleşmäniň ta...
“Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Tü...
«Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi
2026-njy çylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Forumda parlamentleriň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we beýleki köptaraplaýyn düzümleriň bilermenleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Baş...
Parlamentara hyzmatdaşlyk: ynsan saglygynyň goragynda
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Awaza” Kongresler merkeziniň mejlisler zalynda “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň, ugurdaş ministrlikleriniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, alymlar we bilermenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow maslahatyň...
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Duşuşyk sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmak üçin möhüm meýdança boldy. Gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljekki mümkinçiliklerine, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine aýratyn üns berdiler. Mas...
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen ýokary derejeli duşuşyklara we çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Gazagystanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, Hazar ekologiýa sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birnäçe möhüm çärelere, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.