SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi
2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda, 2025-nji ýylda kabul edilen we Türkmenistan tarapyndan başy başlanan BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynda bellenilen wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyny ha...
«Al-Nasr» we «Arkadag» futbol toparlary taryhy duşuşyk geçirerler
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabatda özboluşly futbol duşuşygy geçiriler. «Al-Nasr» futbol topary Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň 2-nji tapgyrynyň 1/8 tapgyrynyň çäginde milli çempion "Arkadag" FK bilen duşuşmak üçin ilkinji gezek Türkmenistana geler. Oýun Olimpiýa şäherçesiniň stadionynda geçiriler. Bu duşuşygyň Turkmenistandaky futbol janköýerleri üçin möhüm waka bolmagyna garaşylýar. Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän «Al-Nasr» FK, Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy klublaryny...
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 64-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasynda görkezilen wezipelere laýyklykda T...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gün-günden gözelleşýän Arkadag şäheriniň keşbinde häzirki zamanyň ösen tejribesi, binagärligiň döwrebap usullary öz beýanyny tapýar. Onuň ikinji ta...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary barada
2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy. Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýeri bolan Döwlet “Ermitaž” muzeýine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa Federasiýasynyň Pre...
Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy. Sammitiň geçirilýän ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler. Soňra “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçirildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri ýo...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti bilen duşuşdy. Premýer-ministr Sanae Takaiti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatna...