img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Okt

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ara...

DOWAMY
pic
8 Okt

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn hyzm...

DOWAMY
pic
8 Okt

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, şeýle hem özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegi uly ugurlary boýunç...

DOWAMY
pic
8 Okt

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda özar...

DOWAMY
pic
8 Okt

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony mähirli...

DOWAMY
pic
21 Sen

Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16–17-nji sentýabrynda Tokioda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly durnuklylygy üpjün etmek, strategik kommunikasiýalar we kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanan sebit seminary geçirildi. Seminaryň işine Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň, halkara guramalaryň, şeýle hem ýaşlar we bilermenler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan seminara Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary...

DOWAMY
pic
14 Sen

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kendzi Ýamada bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň durnukly häsiýete eýedigini belläp, taraplar özara bähbitli hyzma...

DOWAMY