SOŇKY HABARLAR
Turkmenportalyň we Mitsubishi kompaniýasynyň wekilleri Tokioda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Turkmenportal bilen Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” kompaniýasynyň wekilleri Tokioda duşuşyp, kompaniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň taryhy we onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk Aşgabatdaky Ýaponiýanyň ilçihanasynyň goldawy bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin niýetlenen maksatnamanyň çäklerinde geçirildi. Duşuşygyň dowamyn...
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) täze bellenen ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) täze bellenen ýolbaşçysy K.Amakawa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda K.Amakawanyň JBIC bankynyň başlygy wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlaglar beýan edilip, Türkmenistan bilen JBIC bankynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, JBIC banky Türkmenistanda ýapon ko...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygyny belledi hem-de Aşgabadyň gözel binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiý...
Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň (ÝTÖB) Prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary depginler bilen dowam etdirilýändigini bellediler. ÝTÖB-niň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, “ýaşyl” energiýanyň ösdürilmegini, sebitleýin özara gatnaşyklaryň we ekologiýa taýda...
Türkmenistanyň we Täze Zelandiýanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täze Zelandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň departament başlyklarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik gepleşikleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Umumy parahatçylygy we durnuklylygy ilerletmek meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň meňzeşligi bellenildi. Taraplar abr...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi
2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Prezident Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryn...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde hem-de, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Gur...