img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

img
img
img
img

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Motegini kabul etdi.

Toşimitsu Motegi döwlet Baştutanyna duşuşyk üçin wagt tapandygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny bildirip, Ýaponiýanyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belledi. Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministr Sanae Takaiçiniň mähirli salamyny ýetirdi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynda bolup geçen ýer titremesi bilen baglylykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iberen gynanç haty üçin hem minnetdarlygyny bildirdi.

Döwlet Baştutany Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna öz gezeginde iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Toşimitsu Moteginiň ýurdumyza saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde Ýaponiýa bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýedir, döwletara dialog bolsa deňhukuklylyk, özara hormat we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.

Häzirki wagtda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem işjeň amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany köp ýyllaryň dowamynda sebitde hereketleri utgaşdyrmagyň netijeli mehanizmi bolup hyzmat edýän «Merkezi Aziýa–Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýyl «Merkezi Aziýa–Ýaponiýa» Dialogynyň ilkinji Sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrandygyny belläp, şol saparyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Sanae Takaiçi bilen bolan duşuşyklaryny mähir bilen ýatlaýandygyny nygtady.

Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ýapon-türkmen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga güýçli itergi berendigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň hem yzygiderli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Kanunçylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, ikitaraplaýyn duşuşyklary we maslahatlaşmalary geçirmäge ýardam bermäge niýetlenen Türkmen-ýapon Parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwletara gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady pudagyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Onuň ösdürilmeginde Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetine möhüm orun degişlidir.

Türkmenistanyň «Itochu Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýaly iri ýapon kompaniýalary bilen gaz we himiýa senagaty ugurlarynda köp ýyllaryň dowamynda toplan oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini belläp, olaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurlandygyny aýdan döwlet Baştutany bu ugurlarda ýapon kompaniýalary üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleriň özara baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda medeniýet ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Medeniýet günleriniň, sergileriň we beýleki medeni çäreleriň özara geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Motegi netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Moteginiň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň esasy itergi berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Gepleşikleriň tamamlanandan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2029-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.