img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Iýul

KHBS üçin maglumat

2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Hazar deňziniň suw giňişliginde deňiz gämisine edilen hüjüm barada maglumatlar çap edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şeýle hereketleriň ýol berilmesizdigini beýan edýär. Türkmenistan hazarýaka döwletleriniň biri bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde Hazar deňziniň parahatçylygyň, agzybi...

DOWAMY
pic
28 Iýul

Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Pudagara toparyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi hem-de geljekki döwür üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar 2024–2026-njy ýyllar üçin Halkara yns...

DOWAMY
pic
28 Iýul

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatyn...

DOWAMY
pic
24 Iýul

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik gatnaşyklary, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit w...

DOWAMY
pic
24 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatl...

DOWAMY
pic
24 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Sýaoszýun Greýs Wan döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de mümkinçilikd...

DOWAMY
pic
24 Iýul

KHBS üçin maglumat

Şu gün, 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibindäki birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki bilim we medeni...

DOWAMY