img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ÝAPONIÝA - TOKIO
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasynyň täze bellenen ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

img
img
img
img

ROTOBO Ýapon işewürlik assosiasiýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen 2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A. Baýramowyň ROTOBO-nyň täze bellenen Prezidenti Ý. Kanehan bilen duşuşygy geçirildi.

Hususan-da, 2026-njy ýylyň 14-16-njy dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetleriniň 16-njy mejlisine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň biri bolan sirkulýar ykdysadyýet boýunça taslamalar barada hem pikir alşyldy.