Türkmenistanyň Ilçisi Gifu şäherinde Ýaponiýanyň Imperator köşgüniň çärelerinde diplomatik korpusyň adyndan çykyş etdi
2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Gifu şäherinde bu ýurduň Imperator köşgüniň guramagynda geçirilen «Ýapon milli däpleri bilen tanyşdyryş maksatnamasy» bilen bagly çärelere gatnaşdy.
Agzalan çärelere Gifu şäheriniň häkimi, Ýaponiýanyň Imperator köşgüniň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, şeýle hem Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň çäklerinde Ilçi A.Baýramow Ýaponiýada akkreditirlenen diplomatik korpusyň adyndan çykyş edip, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm orny barada belläp geçdi.
Şeýle hem, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak we olaryň taryhy-medeni ähmiýetini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçildi.