SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary
2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. “Zagulba” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasyny...
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 20-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewi kabul etdi. Jamşid Hojaýew bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Özbegistanda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini, ýurdu...
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzda saparda bolýan Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de onuň çäklerinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi geçirildi. Foruma ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniý...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda bir gün öň Aşgabada resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimi resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwleti...
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar. Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halka...
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň dowam...
Türkmenistanyň DIM-nde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen–ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň hem-de degişli edaralaryň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň ik...