SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly dialogyň we özara syýasy erkiň netijesinde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösüşiniň yzygiderli dowam edýändigini bellediler. Diplomatlar ýokary...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri, şeýle hem durnukly ösüşiň umumy maksatlaryny durmuşa geçirmek çäklerinde geljekki konstruktiw hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara...
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de Milli Liderimiziň türk-türkmen dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmag...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem...
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti gazak-türkmen gatnaşyklaryny has-da pugta...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem özbek Li...
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde uly üstünliklere beslenýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimize doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryn...