Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramowyň Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda ýapon tarapy türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ýokary derejede saklanylýandygyny aýdyp, 2022-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurduň Döwlet we Hökümet baştutanlarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligi belläp geçdi.

Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, parlamentara, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.