Türkmenistan doganlyk Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermegi dowam edýär
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina etrabynda gurlan uzynlygy 10 kilometr bolan demirýol böleginiň dabaraly açylyşy, şeýle hem uzynlygy 35 kilometre barabar Akina-Andhoý täze demirýol şahasynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Çärelere Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag we senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, häkimler, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň bu ädimi goňşy ýurt tarapyndan uly hormat hem-de minnetdarlyk duýgusy bilen kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ynsanperwerlik häsiýetli amallary bilen bir hatarda iri göwrümli intrastruktura taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmak arkaly doganlyk Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly ähmiýet berýär.
Şol gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça ýurduň Farýab, Jouzjan, Badgis, Hyrat ýaly serhetýaka welaýatlarynda ýaşaýan owgan ilatyna ynsanperwerlik kömeklerini bermek maksady bilen ýörite türkmen wekiliýeti Owganystana geldi. Şunlukda doganlyk döwletiň ilaty azyk harytlarynyň, egin-eşigiň, derman serişdeleriniň we dokma önümleriniň uly mukdaryny muzdsuz esasda aldy.
Dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary Owganystandaky ýagdaýlaryň öz wagtynda kadalaşdyrylmagyna, ýerli ilata goldaw berilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda howpsuzlyk meseleleri aýratyn derwaýysdyr, çünki ol gönüden-göni tutuş sebitiň durnuklylygyna täsirini ýetirýändir. Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän tagallalaryň bu hereketlere saldamly goşant goşýandygyny we halkara amallary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny nygtamak zerurdyr.