TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 10-njy maýynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy hem-de BMG-niň ýurt boýunça topary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça pudagara toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, meýilnamalary durmuşa geçirmek hem-de BMG-niň düzümleriniň işine, adam hukuklaryny goramak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalara işjeň gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bilelikdäki maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm bölekleri bilen köp görnüşli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen hem-de durnukly ykdysady ösüş, durmuş abadançylygy, daşky gurşawy goramak boýunça çäreler toplumyny göz öňünde tutýan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Mejlisiň ahyrynda halkara guramalaryň wekilhanalarynyň degişli taslamalary we maksatnamalary işläp taýýarlamak, amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işlere goldaw berýändikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk beýan edildi.
Mejlisde adam hukuklary we ynsanperwerlik hukugy babatynda beýleki möhüm meselelere-de garaldy.