TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda täze bellenilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mori Takeo bilen duşuşdy we ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, şeýle hem halakara guramalarynyň, şol snada BMG-niň çäklerinde, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.