Tokioda Ýewropanyň Täzeleýiş we Ösüş bankynyň Ýaponiýadaky edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow Ýewropanyň Täzeleýiş we Ösüş bankynyň Ýaponiýadaky edarasynyň direktory Şin Oýa bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleýiş we Ösüş bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Bilelikde alnyp barylýan işleriň ugurlary hökmünde ykdysadyýet, energetika, ulag, söwda, maýa goýum ulgamlary we beýlekiler bellenildi.