Ýaponiýanyň Daşary işler Ministriň Parlament işleri boýunça orunbasary Taro Honda bilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze bellenilen Ilçisiniň duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 9-njy awgustynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ministriň Parlament işleri boýunça orunbasary jenap Taro Honda bilen Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze bellenilen Ilçisiniň tanyşlyk duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda ýapon tarapy türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ýokary derejede saklanylýandygyny aýdyp, şu ýylyň aprel aýynda iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligi belläp geçdi.

Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler. “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.