Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisiniň Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşygy geçirildi

2022-nji ýylyň 10-njy awgustynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Suzuki Takakonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Döwlet ministri Suzuki Takako köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Ilçi Atadurdy Baýramowy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi gutlaglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we däp bolan köpýyllyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Suzuki Takakonyň Türkmenistana saparyny guramaga Türkmen tarapynyň taýýardygyny mälim etdi.