Türkmen telewideniýesinde “Goçiso-san” atly ýapon teleserialy görkeziler

15-nji awgustdan başlap, «Goçiso-san» köpseriýaly telewizion filmi türkmen telewideniýesinde görkezilip başlanar.

Ýapon Gaznasy bu meşhur dramany Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çarçuwasynda guraýar.

Ýaponiýanyň teleradiogepleşikler korporasiýasynyň (NHK) önümi bolan köpseriýaly telewizion filmi dünýäniň köp ýurtlarynda gowy garşylandy. Filmiň wakalary 20-nji asyryň birinji ýarymynda Tokioda we Osakada bolup geçýär. Ol hemmelere tanyş we ähli kişi üçin umumy söýgi hem tagam temasyndan söhbet açýar.

«Goçiso-san» - ýaponlaryň nahar edinenden soň dilden aýdýan ýa-da ýürekden bildirýän hoşallyk sözüdir.

Film duşenbe we sişenbe günleri sagat 13:30-dan 15.15-e çenli görkeziler.