GUTERRIŞ DURNUKLY ULAG HEREKETLERINDE TAGALLALARY BIRLEŞDIRMÄGE ÇAGYRDY

Türkmenistanda geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi.

Ýüzlenmäni BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary we Az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima okady. 

BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatnaşyjylara, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamyny ösdürmek babatda möhüm meseleleri üçin  bir ýere jemlenendiklerine öz hoşallygyny bildirýär. 

BMG-niň Baş Sekretary öz hatynda  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag aragatnaşygyny gowulandyrmakda käbir päsgelçilikleriň bardygyny esasan hem, howanyň durnuksyzlygy we serhetden geçilýän köp nokatlaryň bolmagy, serhetde gabat gelýän edara we gümrük-serhet tertiplerini  belleýär. Şol sanda goşmaça kynçylyklary döredýän COVID-19 pandemiýasy bilen bagly ýükleriň serhetüsti daşalmasynyň bökdelmegi, ulag çykdajylarynyň artmagy hem-de harytlary serehtüsti ugratmakda ýüze çykýan päsgelçilikler barada aýdylýar.  

Guterreşiň iberen ýüzlenmesinde ulag ulgamynyň ozalky ösüş ýoluna düşmegi, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler BMG-niň howandarlygyna doly bil baglap bilmekleri üçin bile hereket etmegiň möhümdigi nygtalýar.   

Şeýle-de, geografiki meseleleriniň çözülmegi üçin innowasiýalary we tehnologiýalary doly derejede bilelikde ulanmagyň ähmiýeti, şeýle hem  deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aragatnaşygyň durnukly ösüşi babatda tagallalary birikdirmegiň  möhümdigi bellenilýär.