Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna parahatçylyk we howpsuzlyk babatda kararnamalaryň üçüsini kabul etmegi teklip eder

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljekki 77-nji mejlisinde pugta we uzak möhletleýin parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça kararnamalaryň üçüsini kabul etmegi teklip eder.  Bu barada ýurdumyzyň DIM-niň resmi web-saýtynda çap edilen  BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary barada habarda aýdylýar.

Türkmenistan döwletleriň köptaraplaýyn oňyn we deň derejeli gatnaşyklary prosesiniň bir bölegi hökmünde dürli meseleler boýunça dialog meýdançalarynyň döredilmegini ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň şertleriniň biri hasaplaýar diýlip resminamada bellenilýär. Şu jähetden 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamanyň ähmiýetini belläp, Türkmenistan 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada teklibi BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürleýär.

Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryna möhüm ähmiýet berip hem-de 2022-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýändigini göz öňünde tutup, Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna Merkeziň ähmiýeti barada nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny teklip eder. Taslamada Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny yglan etmegi goşmak bilen soňky ýyllaryň wajyp wakalary beýan ediler.

Şeýle hem halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak filosofiýasyny öňe sürmek bilen Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasyna «Dialog – parahatçylygyň kepili» Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etmegi göz öňünde tutýar. Şeýle resminamanyň kabul edilmegi arkaly Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň nähili çylşyrymly bolsa-da, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, gepleşikler ýoly bilen çözmäge tutanýerli hem ikuçsuz ygrarlydygy tassyklanylar.