Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A. Baýramow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Tsubaýyň arasynda hoşamaýlyk duşuşygy geçirildi.

Agzalan duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ugurlaryny giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.