Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň binasynda Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasaty, ýurdumyzda ýaş nesiller üçin döredilýän mümkinçilikler barada nygtaldy.

Şeýle hem, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri we ýaş nesilleriň daşary ýurtlarda döwrebap bilim almaklary babatynda döredilýän şertler barada giňişleýin maglumat berildi.