Türkmen we ýapon talyplary Gahryman Arkadagymyzyň “Jan Watanym Türkmenistan!” atly şygyryny ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda 2022-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Tokai uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Jan Watanym Türkmenistan!” atly şygyrynyň ýapon diline terjime edilmegi mynasybetli çäre geçirildi.

Çärede çykyş eden türkmen talyplary “Jan Watanym Türkmenistan!” atly şygyrynyň many-mazmuny we onuň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjy türkmen we ýapon talyplary şygyry türkmen we ýapon dillerinde bilelikde ýerine ýetirdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň belent başynyň aman, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.