Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili, Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň kömekçisiniň orunbasary Masaki Ikegaminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny, şol sanda halkara guramalarynyň we “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň çarçuwasynda mundan beýläk berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar halkara guramalarynyň düzüm birliklerinde kandidaturalary goldamaga, BMG-niň çäklerinde bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmäge, şeýle hem bu işleri “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň çarçuwasynda dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşykda 2022-nji ýylyň dekabr aýynda Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna görülýän taýýarlyk işleriniň zerurlygy barada bellenildi.