Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýew bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi 

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we däp bolan köpýyllyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.

Iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriniň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.