TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ AZIÝA OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 41-NJI MEJLISINE GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 3-5-nji oktýabry aralygynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kamboja Patyşalygynyň Pnopmen şäherinde iş saparynda boldy.

Gün tertibine laýyklykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Tomusky we Gyşky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk işleri boýunça komitetleriň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem Baş Assambleýanyň dowamynda Aziýa sebitinde sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek, kämil tejribeli türgenleri taýýarlamak, parahatçylygy, hormat goýmak ýörelgelerini ösdürmekde we durmuş integrasiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginde sportuň orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäginde ýakyn ýyllarda Türkmenistanda iri halkara sport çärelerini geçirmeklik dogrusynda pikir alşyldy.

Iş saparynyň çäginde Kamboja Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Kambojanyň Daşary işler ministriniň Döwlet sekretary jenap Koý Kuong bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny, hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň Söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerine seredildi.

Iki ýurduň baý medeni mirasyny göz öňünde tutup, medeniýet we jemgyýetçilik-ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklary ilerletmeklik teklip edildi.

Mundan başga-da, diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama we hukuk esaslaryny giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.