Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna
10–11-nji oktýabrda ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
Iki ýurduň dostlukly gatnaşyklaryna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyna giň ýol açan bu sene mynasybetli göz öňünde tutulan meýilnamanyň çäginde şäheriň “Döwrebap” söwda merkeziniň “Kämil” restoranynda ýapon aşhanasyna degişli tagamlaryň görkezilişi boldy. Ýaponiýaly myhmanlaryň taýýarlamagynda suşi ýapon tagamynyň taýýarlanylyşy bu ýere ýygnananlarda aýratyn täsir galdyrdy.
Soňra bu sene mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşyjylar Türkmenabat şäheriniň medeniýet merkezinde ýapon filmlerine tomaşa etdiler. Onuň çäginde ýapon jemgyýetinden söhbet açýan “Şu tomsuň filmi” hem-de “Batyrgaý ata ulgamda: biziň taryhyymyz – fantaziýanyň finaly” kino filmleri görkezildi.
Şol günüň ertesi türkmen – ýapon gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen ýaponiýaly wekilleriň gatnaşmaklarynda şäheriň ýapon diline ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebinde okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki hem gatnaşdy.Bu ýerde myhmanlar türkmen myhmansöýerligine mahsus duz – çörek we güler ýüz bilen garşy alyndy. Onuň dowamynda yzygiderli ösdürilýän türkmen – ýapon özara hyzmatdaşlygy, ýapon dili we onuň özara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti barada sönbetler edildi. Mekdep okuwçylarynyň ýapon dilinde ýerine ýetiren aýdymlary, myhmanlaryň ýapon milli saz guralynda ýerine ýetiren sazlary, myhmanlaryň bu ýerde ýerine ýetirilen türkmen sazlaryna goşulyp öz saz gurallarynda saz çalmaklary sungatlaryň ýakynlygynyň subutnamasyna öwrüldi. Soňra dabaraly çäreler Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda dowam etdirildi. “Masuri (Festiwal) – 30”ady bilen geçirilen, 2 bölümden ybarat bu dabarada oňa gatnaşyjylar dostlukly döwletden gelen sungat ussatlarynyňçykyşlaryna tomaşa etdiler. Täsirli geçen konsertiň dowamynda üç tarly sýamisän milli saz guralynda milli ýapon sazlary, halk aýdymlary hem-de ýapon milli tanslary ýerine ýetirildi. Ýaponiýaly myhmanlaryň çykyşlarynyň bu ýere ýygnananlar tarapyndan gyzgyn garşy alynmagy ýerine ýetirijileriň ussatlyk derejesiniň ýokarydygynyň,milletine, diline garamazdan, sungatyň ýüreklere ýakyndygynyň,şeýle hem bu iki halkyň dostlugynyň mizemezdiginiň güwäsi boldy.