TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ (CICA) VI SAMMITINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammiti geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Ýokary derejeli halkara sammitiň işine döwlet we hökümet baştutanlary, gatnaşyjy-ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, ýolbaşçylary hem-de synçy döwletleriň, synçy halkara guramalaryň we hyzmatdaşlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, şol sanda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň hem-de azyk we ekologiki howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Yklymda we bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň, şeýle hem howpsuzlygy üpjün etmek we häzirki zaman wehimlere garşy göreşmekde utgaşdyrylan ädimleriň ähmiýeti barada aýratyn bellenildi.

Gatnaşyjy-ýurtlar CICA-nyň VI Sammitiniň netijeleri boýunça birnäçe beýannamalary we kararlary kabul etdiler:

- CICA-nyň özgerdilmegi barada Astana Beýannamasy;

- CICA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak ulgamlarynda howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlyk barada Beýannamasy;

- Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça CICA-nyň Hereketler Meýilnamasy;

- Kuweýte CICA gatnaşyjy döwlet derejesini bermek meselesi boýunça CICA-nyň Sammitiniň Karary;

- 2022-2024-nji ýyllarda bileleşige başlyklyk etmek hem-de döwlet we hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň nobatdaky mejlislerini geçirmek meseleleri boýunça CICA-nyň Sammitiniň Karary;

- CICA-nyň Fondy hakyndaky Düzgünnama.

Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) howpsuzlyk we durnuklylyk ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, daşky gurşawy goramak meselelerinde aragatnaşygy ösdürmäge gönükdirilen halkara forum bolup durýar. Türkmenistan bu halkara forumyndasynçy derejesine eýedir.