Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasyndaky gepleşikler
15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. Onuň çäklerinde Astanada ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dost-doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň paýtagtyna geldi we bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşdy. Munuň özi ýurdumyzyň GDA-nyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerinde işjeň orun eýeleýändiginiň, sebit we sebitara görnüşde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bularyň ählisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.
Mundan başga-da, 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Astanada geçirilen Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň VI sammitine gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bu halkara düzümde synçynyň derejesine eýedir. Ol öz öňünde howpsuzlyk we durnuklylyk, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklar ulgamlarynda, sebitde daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak wezipesini goýýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu Maslahaty ösdürmek işinde ajaýyp hyzmatlary we gymmatly goşandy üçin “Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň 30 ýyllygy” atly birinji derejeli ýubileý medaly bilen sylaglanmagy möhüm ähmiýetli waka boldy.
Şeýle-de 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Astanada gazagystanly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Gepleşikleriň ýene-de bir meselesi ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, özara gatnaşyklaryň uly tejribesine eýe bolan gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly boldy. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, işewür toparlaryň, şol sanda obasenagat toplumynyň işewür düzümleriniň ugry boýunça göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň üçin taraplar köpugurly kuwwata eýedir.
Şu gün — ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astananyň ajaýyp künjekleriniň birindäki Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýdy. Irden döwlet Baştutanymyz ýadygärlik toplumy ýerleşen “Watan goragçylary” meýdançasyna tarap ugraýar. Bu ýerde Hormat garawuly nyzama düzülipdir.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda ýadygärlige gül dessesini goýýar.
Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň döredilmeginiň taryhy we kompozisiýa aýratynlyklary bilen tanyşdyrylýar. Bu ýadygärlik Astananyň esasy gymmatlyklarynyň biri bolup durýar. Ýadygärlikler toplumyny seýilgäh we suw çüwdürimleri bezeýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Akorda” köşgüne tarap ugraýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylaýar.
Döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşýar. Bu ýerde Gazagystanyň Liderini ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew münbere barýarlar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Iki döwletiň Liderleri Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, “Akorda” köşgünde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenip, döwlet Baştutanymyzy Astanada mübärekleýändigine örän şatdygyny belledi. Gazagystanyň Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň bu sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin taryhy ähmiýete eýedir.
Gazagystanyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesindäki işiniň iki goňşy ýurduň ýakynlaşmagyna ýardam edýändigini belläp, türkmen kärdeşine doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasyna gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu saparyň dostlukly goňşy ýurda ilkinji döwlet saparydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda şu günki ýokary derejedäki duşuşyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka hökmünde garaýandyklaryny nygtap, Gazagystanyň Liderine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 5-nji oktýabrynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl dolandygyny hem belledi. Şol geçen ýyllaryň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi bu şanly sene bilen gutlady.
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda ýokary döwlet derejesinde işjeň syýasy gatnaşyklar amala aşyrylýar. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gazagystanyň Baştutanynyň geçen ýyl Türkmenistana bolan saparyny ýakymlylyk bilen ýatlaýar. Şu ýylyň iýun aýynda altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde Aşgabatda Gazagystanyň Lideri bilen Hazarda özara gatnaşyklar boýunça netijeli gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe döwletara gatnaşyklary ösdürmäge hemişe uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň BMG-niň, beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde başlangyçlary hem-de giň gerimli teklipleri ilerletmekde birek-biregi hemişe goldaýandyklaryny belledi.
Türkmenistan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu babatda energetika, ulag, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýalar we söwda ýaly strategik ulgamlar bilelikdäki işiň esasy ugurlary hasaplanýar. Ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde hususy ulgamyň kärhanalary hem ähmiýetli orun eýeläp bilerdiler. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýakyn wagtda hil taýdan täze derejä çykjakdygyna ynam bildirdi.
Döwletara hyzmatdaşlykda ynsanperwer gatnaşyklar hemişe aýratyn orun eýeleýär. Biziň halklarymyzyň taryhy-medeni umumylygy ata-babalarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy bolup durýar we dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga mundan beýläk-de uly üns berler.
Döwlet Baştutanymyz şu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini belläp, iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilýän şu günki gepleşikleriň barşynda bu maksada ýetmek üçin uly tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan kuwwaty hem-de uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şeýle-de taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek gazak topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasyna şu saparynyň taryhy ähmiýetini nygtady. Dostlukly ýurduň Lideri dar düzümde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has möhüm meseleleriniň, ony ösdürmegiň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň mizemez doganlyk häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana ilkinji döwlet saparynyň şanly senä — iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň çuňňur manysy bar. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň belleýşi ýaly, şu geçen ýyllaryň dowamynda Gazagystan we Türkmenistan köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, bitewi medeni, taryhy gymmatlyklara daýanyp, berk we sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýdular. Häzirki wagtda şol gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Iki ýurduň arasynda ýokary derejede işjeň, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Baştutany geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan saparyny mähirlilik bilen ýatlaýandygyny belläp, myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Munuň özi uly üstünlikleri gazanmaga ýardam etdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Gazagystanyň Lideri ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçip, şu gün bilelikdäki tagallalar arkaly özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Hazarda döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleri barada-da durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, oňyn netijeleri gazanmak hem-de türkmen tarapynyň myhmansöýerligi we forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň üstünlige eýe bolandygy nygtaldy. Gazagystanyň Baştutany şular barada aýdyp, türkmen kärdeşine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi we döwlet Baştutanymyza söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan mähirli kabul edendigi, bilelikde işlemek babatda ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Meniň Gazagystan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyma biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm, tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýarys. Onuň esasy maksady ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, täze ýagdaýlary hem-de ösüşiň ugurlaryny nazara almak bilen, Merkezi Aziýa sebitinde we halkara giňişlikde döwletara gatnaşyklaryň anyk ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sebit we ählumumy ösüşiň derwaýys meseleleri boýunça öz çemeleşmelerini kemala getirmekde Türkmenistanyň we Gazagystanyň pikirdeşler hem-de jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýändiklerini nygtady. Birleşen Milletler Guramasynda garaýyşlary utgaşdyrmagyň, ýurtlarymyzyň öňe sürýän tekliplerini we başlangyçlaryny özara goldamagyň gurallary ýola goýuldy. Biz Gazagystanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk, sebit meselesiniň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de kabul edilen Kararnamalary goldandygyny, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hormat goýýandygyny minnetdarlyk bilen bellemek isleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada pugta parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegini iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Gazagystan Hazar deňzinde-de ýurdumyzyň goňşusy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijelerine ünsi çekdi. Ekologik ugur, şol sanda Aral meseleleri boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Gazagystan Respublikasy ýurdumyzyň iri ykdysady hyzmatdaşydyr. Biz dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine, Hökümet we pudaklaýyn ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň toplanan tejribesine ýokary baha berýäris. Energetika türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Bu ulgamda bar bolan kuwwat Ýewraziýada uglewodorod serişdelerini iri öndürijiler we iberijiler bolup durýan ýurtlarymyza energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek boýunça giň gerimli, köp babatda täsin taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçirijiniň bir bölegi Gazagystanyň çäginden geçýär.
Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem iki ýurduň ykdysady taýdan üstünlikli ösmeginde, olaryň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Bu babatda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda türkmen-gazak kooperasiýasynyň häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň ösüşiniň esasy güýçleriniň biri, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolmalydygy bellenildi. Iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi sebit we yklym ähmiýetli täze multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygyny şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýynyň bilelikdäki içgin seljermesini geçirmegiň maksadalaýykdygyny belläp, biziň ýurtlarymyzyň häzirki wagtda haryt dolanyşygynyň görkezijilerini ep-esli artdyrmaga, özara haryt iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga ukyplydygyna ynam bildirdi. Türkmenistanda we Gazagystanda kuwwatly senagat hem-de agrar binýady, döwrebap ulag düzümi döredildi. Bu ýagdaýlar özara söwdany, şol sanda serhetýaka we sebit söwdasyny giňeltmek, maýa goýumlary çekmek üçin doly derejede ulanylmalydyr. Senagat taýdan goşulyşmakda, hyzmatlar ulgamynda, obasenagat toplumynda giň gerimli taslamalara badalga bermek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara topar öz işjeňligini görkezmelidir.
Döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada durup geçip, biziň halklarymyzyň diňe bir çäk taýdan ýakynlygy bilen däl, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklary, taryhy ykballaryň umumylygy bilen birleşendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini guramak baradaky meselä garamagy teklip etdi. Şeýle-de türkmen we gazak halklarynyň meşhur şahyrlarynyň, akyldarlarynyň — Magtymguly Pyragynyň, Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliklerini, degişlilikde, Astanada we Aşgabatda oturtmak boýunça meselä gaýdyp gelmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, açyklygyň, ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýadynda guralýar, onuň ygtybarly şertnama-hukuk binýady işlenip taýýarlanyldy, yzygiderli duşuşyklar geçirilýär. Munuň özi ýüze çykýan meseleleri çalt we netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ikitaraplaýyn doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ägirt uly şahsy goşandyny aýratyn belläp, gazagystanly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gazagystanyň Daşary söwda edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gazagystan Respublikasynyň “Atameken” Milli telekeçiler edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda himiýa senagaty babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň arasynda kosmos giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen öwrenmek we ulanmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça toplumlaýyn Maksatnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Daşary syýasaty öwreniş institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şunuň bilen baglylykda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Aşgabat, Türkmenistan) bilen Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri gazak uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmek babatda meýiller hakynda Ähtnamanyň hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirendigini bellemek gerek. Bu resminamalara-da şu saparyň barşynda gol çekildi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti metbugat wekilleriniň öňünde çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň Gazagystana ilkinji döwlet saparyna iki ýurduň mundan beýläk-de ýakynlaşmaga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny belledi.
Gazagystanyň Lideriniň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýä ösüşiniň örän çylşyrymly hem-de jogapkärli döwründe ýurda ýolbaşçy boldy. Şu çylşyrymly döwürde hut Prezident Serdar Berdimuhamedowa häzirki zamanyň ähli wehimlerini ýeňip geçmek hem-de türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly taryhy wezipe ynanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyzyň tutanýerli tagallalarynyň we yzygiderli çäreleriniň meýilleşdirilen özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurduň durnukly ösüşiniň dowam etmegine mümkinçilik berýändigine ynam bildirdi.
Gazagystan Respublikasynyň Baştutany geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berdi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigi ýene-de bir gezek tassyklanyldy, doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi. Biziň maksadymyz ýakyn ýyllarda özara söwdanyň möçberini 500 million amerikan dollaryna ýetirmekden ybaratdyr. Ýakyn geljekde bu görkezijini 1 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirip bileris diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.
Bellenilişi ýaly, gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine içgin garaldy. Şunda geçen ýylda bu ulgamda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli ylalaşyklary gazanmagyň başardandygy nygtaldy. Gazagystanyň Baştutany “Gazakgaz” we “Türkmengaz” kompaniýalarynyň arasynda türkmen gazyny satyn almak barada Şertnamanyň baglaşylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu taslamanyň ilerledilmegine hut özüniň hoşallygyny beýan etdi.
Biz uzak möhletleýin ylalaşygy baglaşmaga gyzyklanma bildirýäris hem-de ýylda satyn alynýan türkmen gazynyň möçberini 1,5 milliard kub metre çenli artdyrmaga taýýardyrys diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şunda Türkmenistanyň öňe sürýän iri energetika taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmaga Gazagystanyň taýýardygy tassyklanyldy.
Gazagystanyň Lideriniň belleýşi ýaly, gepleşiklerde oba hojalygy pudagy hyzmatdaşlygyň ýene bir özara bähbitli ugry hökmünde kesgitlenildi. Türkmen-owgan serhedinde däne saklanýan terminalyň gurluşygy boýunça meýilnamalara aýratyn üns çekildi. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda üstaşyr ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga uly üns berildi. Taraplar Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň doly kuwwatynda peýdalanylmagy üçin bilelikdäki tagallalary ýokarlandyrmagy ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, Aktau, Kuryk hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda özara goşulyşmagy çuňlaşdyrmak meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugur Gazagystan bilen Türkmenistanyň ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli täze awtomobil ýolunyň gurulmagy giň mümkinçilikleri açýar.
Elbetde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanda türkmen milli medeni birleşikleriniň hem-de merkezleriniň hereket edýändigi bellenildi. Dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özara Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibini goldaýandygyny aýdyp, Gazagystanyň ýakyn wagtda Astanada we ýurduň beýleki şäherlerinde Türkmenistanyň döredijilik işgärlerini kabul etmäge taýýardygyny tassyklady.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işlejekdigini habar berdi.
Nygtalyşy ýaly, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýene-de bir gezek tassykladylar. Sözüniň ahyrynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew şu gün geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, türkmen kärdeşine Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, ilki bilen, Gazagystanyň hormatly Prezidentine myhmansöýerlik we hoşniýetlilik, açyklyk, özara ynanyşmak, düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bu meniň Gazagystana ilkinji saparymdyr. Saparyň şeýle ýokary derejesi taraplaryň hyzmatdaşlygyň wajypdygyna düşünýändiginiň, strategik türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga taýýardygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Gazagystanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşyk iki döwletiň Baştutanlarynyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny, munuň üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny doly tassyklady. Biz ählumumy gün tertibiniň durnukly ösüş we onuň möhüm ugurlary bolan energetika howpsuzlygy, halkara üstaşyr ulag gatnawlarynyň ösdürilmegi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça tagallalarymyzy utgaşdyrmagy dowam ederis.
Durnukly energetika babatda gürrüň, ilkinji nobatda, iki ýurduň iri möçberli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy barada barýar. Şolaryň hatarynda, ilki bilen, köp ýyllaryň dowamynda hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini görkezmek bolar. Ýurdumyz energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermekde türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Ulag ulgamynda kuwwatly we döwrebap düzümi döretmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk dowam etdiriler. Bu düzüm Merkezi Aziýanyň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini hem-de biziň ýurtlarymyzyň Ýewropanyň we Aziýanyň esasy ýollaryna çykmagyny üpjün edip bilerdi. Hususan-da, Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça Hindi ummanyna we Pars aýlagyna çykýan Demirgazyk — Günorta geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan bilen bilelikde işlemäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Taraplar Gündogar — Günbatar, Aziýa — Ýewropa ugurlary boýunça üstaşyr ulag we logistika hyzmatdaşlygynyň strategik guşaklygyny kemala getirmek boýunça tagallalary utgaşdyrarlar, sebit we dünýä giňişliginde, ýöriteleşdirilen halkara guramalarda, maliýe institutlarynda geljekki hyzmatdaşlar bilen işleşerler. Şeýle-de şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde gazanylan ylalaşyklar bilen baglylykda, Hazarda bilelikdäki işler dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz gepleşiklerde ekologik meselelere, hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge aýratyn orun berlendigini belledi.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň barşy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda, özara söwdany, şol sanda serhetýaka we sebit söwdasyny giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat taýdan goşulyşmak, hyzmatlar ulgamynda, oba hojalygynda bilelikdäki giň gerimli taslamalara çykmak üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çärelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, gepleşiklerde medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajypdygynyň tassyklanylandygyny, bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, döwletleriň ikisinde hem edebiýat, sungat, kinematografiýa işgärleriniň, aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri yzygiderli geçirmek, sport ýaryşlaryny guramak üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek barada ylalaşylandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Gazagystan Respublikasy Türkmenistan üçin doganlyk ýurt, hoşniýetli goňşy we ygtybarly strategik hyzmatdaşdyr. Taraplaryň ikisi hem ysnyşykly köpugurly hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň abadançylygyna hyzmat edýändigine, olaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýändigine, sebit we halkara işleriň durnuklylygyna ýardam edýändigine düşünýär.
Döwlet Baştutanymyz şu gün geçirilen gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň wekiliýetiniň agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Liderini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrandygyny habar berdi.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.
Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz “Astana” halkara maliýe merkezine baryp gördi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz merkeziň düzümi hem-de onuň işi bilen tanyşdyryldy. Merkeziň esasy maksady maliýe bazary babatda giň gerimli hyzmatlary hödürlemekden ybaratdyr.
Işewür hyzmatdaşlyk üçin açyk meýdança bolup durýan “Astana” halkara maliýe merkezi özüne birnäçe ugurdaş guramalary we edaralary birleşdirýär. Döwlet Baştutanymyza merkeziň düzümleriniň işiniň esasy ugurlary barada jikme-jik gürrüň berildi. Şol düzümleriň hatarynda Kazyýet we Halkara arbitraž merkezi, Maliýe hyzmatlaryny düzgünleşdirmek boýunça komitet, Yslam maliýesi we Işewürlik merkezi, “Ýaşyl” maliýe merkezi bar.
Ekspat merkezi onuň düzümleýin bölümleriniň biri bolup durýar. Ol Gazagystanda işleýän daşary ýurtly hünärmenlere degişli hyzmatlaryň berilmegini üpjün edýän “bitewi penjire” ýörelgesi boýunça hereket edýär. Birža söwdalary zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “Astana” halkara maliýe merkezi, onuň işinde ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän wideoşekil görkezildi. Şeýle-de belent mertebeli myhman biržanyň işiniň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.
Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda sanly we tehnologik özgertmeleriň, maliýe-bank düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň, karz-pul ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň, hususy ulgamy höweslendirmegiň çykyş edýändigini bellemek gerek. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler maliýe bazarynyň we gazna biržalarynyň işini işjeňleşdirmek, maýa goýumlary çekmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda ugurdaş innowasion gurallary kemala getirmäge, degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanda bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir. Bularyň ählisi daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara hem-de sebit maliýe düzümleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň baş metjidine baryp gördi. Bu täze metjit şu ýylyň awgust aýynda açylyp ulanmaga berildi. Bu ýerde belent mertebeli myhman metjidiň binagärliginiň hem-de bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynda şöhratly ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, olaryň ynsanperwer ýörelgelerini aýawly saklamaga aýratyn üns berilýändigini bellemek ýerliklidir. Ýurdumyzda dine uýmagyň erkinligini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Dindarlara her ýyl her bir musulman üçin mukaddes bolan haj parzyny berjaý etmäge ýardam berilýär. Metjitleriň yslam dünýäsinde ylmyň we bilimiň ilkinji merkezleri, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň jemlenen ýeri bolandygy hemmelere mälimdir. Häzirki döwürde paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan we gurulýan metjitler özleriniň binagärlik çözgüdinde milli binagärligiň, bezegiň iň gowy däplerini jemleýär. Şunuň bilen birlikde, olar jemgyýetde raýat ylalaşygynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döredilen parasatly däp-dessurlarynyň, özboluşly urp-adatlarynyň dowamatlylygyna ýardam etmelidir.
Soňra döwlet Baştutanymyz Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy hem-de Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmany ugratmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň hut özi bu ýere geldi. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ýerde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew mähirli hoşlaşyp, geçirilen gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma bildirdiler hem-de iki ýurduň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, doly derejeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir gezek tassykladylar.
Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, özüne garaşýan uçarda Watanymyza ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.