Saz sungaty halklary dostlaşdyrýar
Türkmenistan 1992-nji ýylda Ýaponiýa bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şu ýyllarda taraplaryň syýasy erki bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürildi we yzygiderli pugtalandyryldy. Dostluk gatnaşyklary medeni-bilim ulgamynda-da öz beýanyny tapdy.
Medeni gatnaşyklaryň çäklerinde ýapon sazandalarynyň wekiliýeti ̶ sazanda Kasumi Masumoto, aýdymçy Ýosiko Masumoto we tansçy Çiho Komasu M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda myhmançylykda boldular.
Iki halkyň gadymy saz sungaty bilen tanyşlyk konsertiň esasy maksady boldy. «Nergiz», «Ýar gara gözli» türkmen halk sazlary, «Görogly» şadessanyndan bölek konserwatoriýanyň talyplary R. Şanazarowyň (4-nji ýyl talyby), G. Hojamgulyýewiň (4-nji ýyl talyby), B. Atabaýewiň (1-nji ýyl talyby) we M. Mätgeldiýewiň (4-nji ýyl talyby) ýerine ýetirmeginde ýaponiýaly myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Sazanda Masumoto öz çykyşynda iki medeniýetiň sazandarlyk ýörelgeleriniň käbir tilsimleriniň kybapdaşlygyny mysal getirip, türkmen milli saz gurallarynyň ýapon saz gurallary bilen ses äheňiniň meňzeşligini belledi. Meselem, sýamisen owazy boýunça dutara, sýakuhati (şakuçahi) tüýdüge, sudzumy depe meňzeş ýaňlanýar.
Ýapon saz gurallarynda çalnan sazlar konserwatoriýanyň talyplarynadyr mugallymlaryna ýapon milli sazlarynyň üýtgeşik dünýäsini açyp görkezdi.
Myhmanlar kabuki teatryndan bölek görkezdiler, ol Ýaponiýanyň drama, tans we saz elementlerini utgaşdyrýan nusgawy teatr görnüşleriniň biri barada düşünje berdi. Bu tomaşanyň labyzlylygy türkmen dessanlarynyň aýdylyş joşgunyna we labyzlylygyna gabat gelýär.
Biri-birinden has alysda ýaşaýan iki halkyň saz sungatynyň käbir meňzeşligi tutuş adamzat üçin bütewi bir ruhlylyk we mental ösüş kanunlarynyň umumylygy barada pikiri tassyklaýar hem-de bizi öz çaklaýşymyzdan-da has uly bir zat birleşdirýär diýip ýene bir gezek oýlanmaga sebäp bolýar...