Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahat
Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda 2022-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy hem-de “23-nji oktýabr – Halkara ak barsynyň güni” mynasybetli sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi.
Maslahata Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýadaky Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary hem-de Sappora şäheriniň haýwanat bagynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow Hormatly Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Gadamy batly bedew» we «Türkmen alabaýy» atly eserlerine salgylanyp türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, medeniýeti we däp-dessurlary barada çykyş etdi.