TÜRKMENISTAN 2019-2020-NJI ÝYL DÖWRI ÜÇIN BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ IÇERKI ULAGLAR BOÝUNÇA KOMITETINIŇ EDARASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY

2018-nji ýylyň 22-nji fewralynda BMG-niň Ženewadaky Edarasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň ýubileý 80-nji sessiýasynyň barşynda Türkmenistan 2019-2020-nji ýyl döwri üçin BMG-niň Ykdysady Komissiýasynyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň agzalygyna saýlandy.

Içerki Ulaglar boýunça Komitet BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň ulag ugrynda iň ýokary direktiw edarasy bolup durýar. Özüniň kömekçi edaralary bilen birlikde Içerki Ulaglar boýunça Komitet BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň agzalarynyň bilelikde bir ýere jemlenip, ykdysady hyzmatdaşlygyň gurallaryny döretmek, içerki ulag boýunça halkara hukuk resminamalary kabul etmek üçin umumyýewropa hökümetara meýdançany üpjün edýär. Bu hukuk resminamalar netijeli, ylalaşykly we integrirlenen, howpsuz we durnukly Ýewropa ulag ulgamlaryny döretmek üçin zerur diýlip hasaplanylýar.

Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň edarasynyň esasy wezipeleri Iş meýilnamasynyň we Içerki Ulaglar boýunça Komitetiň sessiýalarynyň arasyndaky döwürde kabul edilen çözgütlerini we görkezmelerini amala aşyrmagyň üpjün edilşini gözegçilik etmek bolup durýar.

Türkmenistanyň BMG-niň bu abraýly düzümine 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda  BMG-niň Baş Assambleýasynyň A/RES/72/212 «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasynyň kabul edilen gününden bäri ilkinji ýylynda saýlanmagy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyndaky başlangyçlaryna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän ýokary ynamyň subutnamasy bolup durýar. 2018-nji ýylda, ýurdumyzda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ” diýlip yglan edilen ýylynda Türkmenistanyň Içerki Ulaglar boýunça Komitetiniň Býurosynyň agzalygyna saýlanmagy ol dogrudan hem munuň aýdyň nyşany bolup durýar.