TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçýän mejlisine gatnaşýar.

Garaşsyz Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, hyzmatdaş ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda iri halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.

Ýurdumyz Türki dilli döwletleriň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryna hem yzygiderli gatnaşýar. Olaryň dowamynda doganlyk halklaryň arasyndaky dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täze netijeli çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylýar.