LEBAPDA HALKARA HOWA MENZILI AÇYLDY
2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde bina edilen Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň çäginiň girelgesiniň ýanynda Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary döwletleriň ilçileri, işewürler we döredijilik işgärleri, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köpsanly ýerli ýaşaýjylar ýygnandylar.
Döwlet Baştutanymyz howa menziliniň esasy derwezesiniň ýanyna gelýär hem-de dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär. Hormatly Prezidentimiz ýolagçy terminalyna tarap barýar we bu ýerde gurnalan münbere geçýär hem-de dabara gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenýär.
Milli Liderimiz täze Türkmenabat Halkara howa menziliniň diňe bir Garaşsyz Diýarymyzyň gündogar sebitini däl-de, eýsem, tutuş berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Bu Halkara howa menzili döwletleriň arasynda dostlugy we parahatçylygy berkitmäge hyzmat etjek ulag gatnawlarynyň möhüm çatryklarynyň biri bolar.
Täze howa menziliniň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Gündogdy” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Watanymyzyň gurluşykçylarynyň ýokary hünär derejesi, guramaçylyk başarnyklary eýýäm ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem bellidir. Ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenabat şäheriniň halkara howa menziliniň gurluşygynda hem ýokary ussatlyklaryny görkezdiler. “Gündogdy” kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan aerodrom toplumynyň desgalarynyň 46-synyň ählisi hem taslama-tehnologik ölçegleriň anyk berjaý edilmeginde ýokary hilli guruldy.
Täze howa menziliniň desgalary 600 gektara deň bolan giň meýdanda ýerleşýär. Toplumyň gurluşygynda milli binagärligiň özboluşly usullary döredijilikli peýdalanyldy. Howa menziliniň girelgesiniň öňünde lebap haly göli görnüşinde owadan suw çüwdürimleri oturdyldy, meýdany 37 müň inedördül metre deň bolan ýolagçy terminalynyň binasy guşuçar belentlikden Oguzhanyň ýyldyzy keşbinde görünýär, munuň üçin bu howa menzili Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizildi.
Türkmenabadyň howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 3800 metre we ini 60 metre barabardyr. Ol uçuşlary üpjün etmek boýunça ýerüsti serişdeleri – gonuş ulgamy, radiomaýaklar, ýagtylyk arkaly signal bermek we meteorologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Munuň özi uçarlaryň ähli görnüşlerine, şol sanda aerobuslara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.
Giň ýolagçy terminalynda garaşmak, çalt bellige almak we uçarlara münmek üçin aňrybaş amatly şertler döredilipdir. Teleskopiki uçara münülýän merdiwanlar, maglumat tablosy, halkara, şäherara aragatnaşyk nokady, goş saklanýan kameralar ýolagçylaryň ygtyýarynda bolar. Ýolagçylaryň uçmaga garaşýan zalynda amatly oturgyçlar gurnalypdyr. Şeýle hem bu ýerde kafeteriler, bufetler, dükanlar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde СIP –zal, Duty free dükanlary, internet kafe we beýlekiler bar.
Milli Liderimiz Türkmenabadyň howa menziliniň hormatly myhmanlarynyň Kitabynda ýazgy galdyryp, täze Halkara howa menziliniň işgärlerine işlerinde uly üstünlikler, jan saglyk we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.