TOKIO ŞÄHERINDE (ÝAPONIÝA) TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA ÖÝÜNI AÇMAK BARADA GEÇIRILEN ONLAÝN MASLAHATLAŞMALAR

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Tokio şäherinde söwda öýüni açmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Ýaponiýanyň “JATECO Corporation” kompaniýasynyň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Agzalan duşuşyk, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry – 01-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen-ýapon ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly teklip eden başlangyçlaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde guralyp, onuň dowamynda taraplar söwda öýüniň mümkinçilikleri, ýeňillikleri we onuň üsti bilen eksport we import edip boljak önümler barada pikir alyşdylar.