MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY BILEN ÝAPONIÝANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT
Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda 2022-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Merkezi Aziýa ýurtlarynda zenanlar üçin bilimiň häzirki şertleri we geljekdäki mümkinçilikleri” atly maslahat geçirildi.
Maslahata Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýadaky Ilçihanalarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagyny ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty barada beýan edildi.