TÜRKMENISTAN — KOREÝA RESPUBLIKASY: STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRMEKDE PARLAMENT DIPLOMATIÝASYNYŇ TÄZE UGRY

Seulda bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pyo iki ýurduň parlamentleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Taraplar iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, bilelikdäki çäreleri guramak arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Kim Jin Pyo ýurtlaryň arasyndaky ykdysady, şol sanda maýa goýum pudagyndaky hyzmatdaşlygyň, energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Koreýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär.

Duşuşykda taraplar deňiz suwuny arassalamak we Aşgabat şäheriniň gurluşygynda öňdebaryjy Koreýa tehnologiýalaryny ulanmak, şeýle hem türkmen şäherlerini Koreýa Respublikasynda öndürilen ýolagçy awtobuslary bilen üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.