Ýanwar-fewral aýlarynyň görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň subutnamalarydyr

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, 2018-nji ýylyň iki aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,8 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,4 göterim, söwdada - 8,4 göterim, oba hojalygynda - 3,4 göterim we hyzmatlar ulgamynda - 10,1 göterim ýokarlandy. 

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4 göterim artdy. Bölek satuw-haryt dolanyşygy 2017-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 18,1 göterim köpeldi. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijileri durnukly saklanyldy. Harytlaryň we önümleriň eksporty 18 göterim artdy. 

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,8 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 2 milliard manada we çykdajy bölegi 1,9 milliard manada deň boldy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 63-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 31-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 416,9 müň inedördül metrden gowragynyň, dürli inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy we jemi 172,6 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.