«TÜRKMENISTAN - BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ ÝÜREGI» ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Yaponiýadaky Ilçihanasynda Ýaponiýanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýyl «Türkmenistan - Beýik Yüpek ýolunyň ýüregi» diýilip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzy wagyz etmek maksady bilen «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Yaponiýadaky Ilçisi gatnaşyjylara türkmen topragynyň baý taryhy geçmişinden başlap, häzirki günde geosyýasy taýdan ýurdumyzyň eýeleýän orny, parahatçylyk söýüjilik hem hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty barada gürrüň berildi. Türkmenistanyň Ýüpek ýolunyň merkezine öwrülmegi we şu günki günde bu ýoluň ulag-aragatnaşyk ulgamy we gaz geçirijileri arkaly gaýtadan dikeldilmeginde amal edilýän işler hakynda bellenildi. Gadymy türkmen topragynyň dürli siwilizasiýalaryň arasynda esasy köpri bolup hyzmat edenligi aýratyn açyp görkezildi.

Aýdylanlara goşmaça şu ýyl Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurdumyzyň ähmiýetli taryhy-medeni ýerlerinde ýylyň dowamynda ylmy maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklaryň, aýdym-sazly dabaralaryň, arheologiki gymmatlyklaryň sergisiniň, folklor toparlaryň we sport bäsleşikleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada gatnaşyjylara habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 18-19-njy aprelinde Aşgabat şäherinde geçiriljek “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara maslahatyna we festiwalyna Ýaponiýanyň Halkara sungat merkeziniň agzalarynyň gatnaşjakdygy barada maglumat beýan edildi.

Ýaponiýaly gatnaşyjylar maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň kökleriniň gadymyýetden gelýändigi, medeni gymmatlyklarynyň aýratynlyklary we häzirki döwürde Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň häzirkizaman görnüşini dikeltmekde edýän tagallalary barada ýokary baha bermek arkaly çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda, gatnaşyjylara türkmen halkynyň çaý medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen çaý dabarasy guraldy. Türkmen halkynyň çaý taýýarlaýyş aýratynlyklary, çaý esbaplary görkezilip, bu dabarada türkmeniň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan çaýlar türkmen saçagynyň süýjülikleri we ary baly bilen gatnaşyjalara hödür edildi. Şeýle hem, dabaranyň esasy myhmanlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýapon diline terjime edilen “Çaý melhem hem ylham” atly kitaby sowgat edildi.