TÜRKMENISTANYŇ ÝAPONIÝADAKY ILÇISINIŇ ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY ENDO TOŞIAKI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda parlamentara gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridigi bellendi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň dostluk toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilmegi işjeň parlamentara gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar.

Özara gepleşiklerde 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň barşynda 2023-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýaponiýanyň parlamentara forumyny geçirmek başlangyjynyň möhümligi bellendi.

Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, parlamentara, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.