ÝAPONIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdu Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili, Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň kömekçisiniň orunbasary Masaki Ikegaminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şu ýyl meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara üns berdiler.