AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝEWROPA WE HALKARA IŞLER BOÝUNÇA FEDERAL MINISTRI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Aleksander Şallenberg bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Gepleşigiň barşynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada ähmiýetli pikirler alyşyldy. Ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekdäki möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gepleşikleri dowam etdirmegiň we işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

R.Meredow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň — BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki guramalaryň, şol sanda soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan Ýewropa Bileleşiginiň çäginde üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, türkmen tarapy bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk ädimleri teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň işiniň hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti bellenilip geçildi. Şunda senagat, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag, tehnologiýalar we ykdysadyýetiň beýleki ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda öňe çykaryldy.

Medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ösüşi barada belläp, taraplar Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň netijeli işine baha berdiler. Jemgyýetiň çäklerinde geçirilýän bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň çykyşlary, türkmen paýtagtynda ajaýyp Wena balynyň yzygiderli geçirilmegi, Aşgabatda we Wenada guralan iki ýurduň Medeniýet günleridir we beýleki döredijilik çäreleri taraplaryň medeni-ynsanperwer ulgamdaky önjeýli hyzmatdaşlygynyň görnetin mysaly bolup durýandyr.