ÝAPONIÝANYŇ TENDO ŞÄHERINDE ARKADAG ŞÄHERINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Tendo şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Tendo şäher häkimi Şinji Ýamamotonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Atadurdy Baýramow Tendo şäher häkimliginiň ýolbaşçylaryna Arkadag şäheri we şäheriň gurluşygynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Bulardan başga-da, taraplar Arkadag şäheri bilen Tendo şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.